HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yrak Türkmenistandan ýylda 10 milliard kub metr tebigy gazy satyn almaga taýýar

Oktýabr 08, 2023 | 22:58 |9658
Yrak Respublikasynyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar etmäne taýýardyr. Bu barada ýekşenbe güni TDH agentliginiň [habar](https://tdh.gov.tm/ru/post/38089/gosudarstvennye-energeticheskie-struktury-turkmenistana-i-iraka-podpisali-memorandum-o-postavkah-turkmenskogo-gaza) berşi ýaly, 5-8-nji oktýabr aralygynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Bagdada eden saparyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar beriş serişdeleri üçin beren habarynda aýdylýar.Yrak Respublikasynyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar etmäne taýýardyr. Bu barada ýekşenbe güni TDH agentliginiň [habar](https://tdh.gov.tm/ru/post/38089/gosudarstvennye-energeticheskie-struktury-turkmenistana-i-iraka-podpisali-memorandum-o-postavkah-turkmenskogo-gaza) berşi ýaly, 5-8-nji oktýabr aralygynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Bagdada eden saparyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar beriş serişdeleri üçin beren habarynda aýdylýar.
Çeşme: orient.tm

Yrak Respublikasynyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar etmäne taýýardyr. Bu barada ýekşenbe güni TDH agentliginiň habar berşi ýaly, 5-8-nji oktýabr aralygynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Bagdada eden saparyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar beriş serişdeleri üçin beren habarynda aýdylýar.

Habarda, hususan-da Türkmenistanyň wekilleriniň Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia as Sudani tarapyndan kabul edilendigi aýdylýar, ol öz ýurdunyň Türkmenistan bilen, şol sanda energetika pudagynda hemmetaraplaýyn we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek islegini, şeýle hem Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar bilen barmaga taýýardygyny belläp geçdi.

Türkmen wekiliýetiniň Yragyň Elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen jikme-jik gepleşikleri geçirendigi, şol bir wagtyň özünde, goňşy Eýranyň çäginden alyş-çalyş meýilnamasy boýunça türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek bilen baglanyşykly birnäçe meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenýär. Şol bir wagtyň özünde, Yrak tarapy her ýyl takmynan 10 milliard kub metr mukdarda türkmen tebigy gazyny kabul etmäge taýyn bolar.

Taraplar gaz pudagyndaky geljekki bilelikdäki işler üçin hukuk, täjirçilik, maliýe we guramaçylyk şertleri barada hem giňişleýin maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi.

Taraplar Aşgabatdaky “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” Halkara sergide we konferensiýada bu gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

“Türkmenistan nergetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň baý oňyn tejribesine bil baglap, uglewodorod baýlyklarynyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna we potensial hyzmatdaşlarynyň giň toparyna eýe bolmak bilen, energetika üpjünçiligini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa etmek, milli gaz pudagyny ösdürmek, köp görnüşli turbageçiriji infrastrukturasyny giňeltmek, gaz pudagynda halkara düzgünleri we tejribeleri esasynda türkmen tebigy gazyny gyzyklanýan ýurtlara we kompaniýalara satmak boýunça syýasatyny berk hem yzygiderli alyp barýar” – diýlip, Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026