HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Iş ýerinde ýatmak üçin ýassyk taýýarlanyldy

Oktýabr 08, 2023 | 11:10 |9253
Ýapon kompaniýasy iş ýerinde rahat ymyzganmak üçin ýassyk oýlap tapdylar. Bu ýassyk stulda ýatylan wagty öňe ýykylmaz ýaly we elleriň sallnyp durmazlygy üçin ýüz we döş üçin amatly edilip taýýarlanypdyr.Ýapon kompaniýasy iş ýerinde rahat ymyzganmak üçin ýassyk oýlap tapdylar. Bu ýassyk stulda ýatylan wagty öňe ýykylmaz ýaly we elleriň sallnyp durmazlygy üçin ýüz we döş üçin amatly edilip taýýarlanypdyr.
Çeşme: ithome.com

Ýapon kompaniýasy iş ýerinde rahat ymyzganmak üçin ýassyk oýlap tapdylar. Bu ýassyk stulda ýatylan wagty öňe ýykylmaz ýaly we elleriň sallnyp durmazlygy üçin ýüz we döş üçin amatly edilip taýýarlanypdyr.

Bu ýassyk ýaponlarda “Gogo no Makura” ýa-da türkmençä geçireniňde “Günortanlyk naharyndan soňky ýassyk” diýlip atlandyrylyp, ol uklamak üçin enjamlary öndürmäge ýöriteleşen “Atex” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanypdyr. Ony işläp ýasan 43 ýaşly Nasuki Sato işgärleriň günortanlyk arakesmesi wagtynda rahat dynç almagy bilen içgin gyzyklanyp, bu enjamy taýýarlapdyr.

Jemgyýetçilik pikir soralşygyny netijesinde, stulda uklanyňda, bedeniň käbir agzalaryna şol sanda eginlere agram düşýär. Bu bolsa, öz gezeginde boýunda, oňurgalarda we ellerde agyrylary emele getirýär.

Täze ýassygyň ini 31 santimetre, boýy bolsa, 24 santimetre barabar bolup, ol kelläniň we döşüň rahat ýerleşmegini üpjün edýär. Onda ýüz üçin ýörite kesilen bölek we elleriň stolda rahat ýerleşmegi üçin ýer göz öňünde tutulypdyr diýip, ithome.com neşiri habar berýär.

“Gogo no Makura” atly ýassygy üç ýagdaýda (10 gradusdan 45 gradus ýapgytlyga çenli) öwrüp bolýar. Şeýle hem bu ýassyk ýatan adamy 60 minutdan ýörite wibrasiýalar arkaly oýarýar.

Bu ýassyklaryň satuwy 60 dollar nyrhda 15-nji oktýabrdan başlanar. Ony satyn almaga ýüzlerçe adam gyzyklanma bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026