Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy Sedrik Gra Aşgabatda türkmen talyplary bilen duşuşdy


Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.

Alym ýazyjylyk işleri barada gürrüň berdi we fransuz dilindäki ýazuw stiliniň aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Ýygnananlar onuň Antarktida we Alp daglaryna eden ekspedisiýalarynda bellän ýol ýazgylary barada gyzyklandylar.
Magtymguly adyndaky TDU-niň geografiýa fakultetiniň talyplary hem dilçiler bilen goşulyşdylar. Olar syýahatçynyň ekspedisiýalary we global ýylylyk baradaky synlary bilen has gyzyklandylar.

Sedrik Gra ýazyjy, alym, Albert Londres baýragynyň eýesi we Fransuz gözlegçiler jemgyýetiniň agzasydyr.Ol diňleýjilere işine gyzyklanýandyklary, mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we talyplara okuwlarynda üstünlik arzuw etdi.

Fransuz institutynyň müdiri Romen Guwerne ýaşlara fransuz ýazyjysynyň kitaplarynyň häzirki wagtda Fransiýa institutynyň kitaphanasynda bardygyny, şol ýerde Sedrik Granyň eserleri bilen tanşyp boljakdygyny habar berdi.
Ýewropaly meşhur syýahatçynyň Türkmenistana sapary hepdäniň ahyrynda tamamlanar. Ondan bir gün öň, 6-njy oktýabrda, janköýerleri bilen Aşgabatdaky Fransuz merkeziniň metbugat kitaphanasynda 18:00 da soňky duşuşygyny geçirer.

Myhmanyň Türkmenistanda bolmagy Fransuz instituty tarapyndan gurnaldy.
ORIENT news








