HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy Sedrik Gra Aşgabatda türkmen talyplary bilen duşuşdy

Oktýabr 04, 2023 | 19:22 |8761
Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy  - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy  - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.
Çeşme: Türkmenistandaky Fransuz instituty

Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.

1(.jpg

Alym ýazyjylyk işleri barada gürrüň berdi we fransuz dilindäki ýazuw stiliniň aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Ýygnananlar onuň Antarktida we Alp daglaryna eden ekspedisiýalarynda bellän ýol ýazgylary barada gyzyklandylar.

Magtymguly adyndaky TDU-niň geografiýa fakultetiniň talyplary hem dilçiler bilen goşulyşdylar. Olar syýahatçynyň ekspedisiýalary we global ýylylyk baradaky synlary bilen has gyzyklandylar.

(2.jpg

Sedrik Gra ýazyjy, alym, Albert Londres baýragynyň eýesi we Fransuz gözlegçiler jemgyýetiniň agzasydyr.Ol diňleýjilere işine gyzyklanýandyklary, mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we talyplara okuwlarynda üstünlik arzuw etdi.

3!.jpg

Fransuz institutynyň müdiri Romen Guwerne ýaşlara fransuz ýazyjysynyň kitaplarynyň häzirki wagtda Fransiýa institutynyň kitaphanasynda bardygyny, şol ýerde Sedrik Granyň eserleri bilen tanşyp boljakdygyny habar berdi.

Ýewropaly meşhur syýahatçynyň Türkmenistana sapary hepdäniň ahyrynda tamamlanar. Ondan bir gün öň, 6-njy oktýabrda, janköýerleri bilen Aşgabatdaky Fransuz merkeziniň metbugat kitaphanasynda 18:00 da soňky duşuşygyny geçirer.

4!.jpg

Myhmanyň Türkmenistanda bolmagy Fransuz instituty tarapyndan gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026