HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Harman consulting" siziň biznesiňiz üçin netijeli çözgütleri hödürleýär

Oktýabr 04, 2023 | 20:23 |8026
Kompaniýa işewürlik işine garaşsyz baha berilmegi, onuň depginine seljerme geçirilmegi we işewürligiň ösmegi üçin netijeli teklipleri hödürlenmegi zerur bolan Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçilige ýokary derejedäki konsalting hyzmatlaryny hödürleýär.Kompaniýa işewürlik işine garaşsyz baha berilmegi, onuň depginine seljerme geçirilmegi we işewürligiň ösmegi üçin netijeli teklipleri hödürlenmegi zerur bolan Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçilige ýokary derejedäki konsalting hyzmatlaryny hödürleýär.
Çeşme: harman.consulting

"Işewürligiňiz üçin netijeli çözgüt" - bu Türkmenistandaky "Harman consulting" konsalting merkeziniň baş şygarydyr.

Kompaniýa işewürlik işine garaşsyz baha berilmegi, onuň depginine seljerme geçirilmegi we işewürligiň ösmegi üçin netijeli teklipleri hödürlenmegi zerur bolan Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçilige ýokary derejedäki konsalting hyzmatlaryny hödürleýär.

Konsalting merkeziniň hünärmenleri telekeçilige beýleki bäsdeşlerden öňe saýlanmaga ýardam etjek täzeçil çemeleşmeleriň giden toplumyny hödürleýärler. Olar şeýle hem, kompaniýanyň adam maýasy strategiýasyny (HR-strategiýa) durmuşa geçirmäge, ýagny anyk maksatlara ýetmek üçin işgärler düzümini netijeli ulanmaga ýardam ederler.

Şeýle hem, tehniki howpsuzlyk ulgamynda zähmetiň goralmagy boýunça çäreler işlenip taýýarlanylyp, iş ýerleriň attestasiýasy boýunça işler geçiriler we usuly golanmalar bilen üpjün edilip, işgärler düzümi okadylar.

"Harman consulting" merkezi şeýle hem halkara ISO standardyna eýe bolmak üçin hyzmatlary hödürleýär. Şolaryň hatarynda

• ISO 9001 – Ýokary menejment ulgamy;
• ISO 14001 – Ekologiýa menejmentiniň ulgamy;
• ISO 45001 – Zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň menejmenti;
• ISO 22000 – Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň menejmenti;
• GSO 2055 – Halal azyk önümleri.

Eger-de kompaniýa öz önümlerini dünýä bazaryna çykarmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlara harytlary eltip bermek boýunça bäsleşiklere gatnaşmak ýa-da bäsdeşleriň arasynda kompaniýanyň abraýyny artdyrmak isleýän bolsa, bu halkara hil şahadatnamalary zerur bolýar.

Netijeli hünär işini ýola goýmak üçin zerur bilimleri öwretmekde, treningleri guramakda hem "Harman consulting" konsalting merkezi özüniň hyzmatlaryny hödürleýär.

Şolaryň hatarynda işgärler düzümini netijeli dolandyrmak, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk, adamlara çemeleşmek usullaryny (soft skills) öwretmek hyzmatlary bar.

Munuň üçin kompaniýanyň hünärmenleriniň siziň bilen habarlaşmagy üçin maglumatlary görkezmek bilen zerur treningi saýlamak we ony geçirmek üçin amatly wagty saýlamak ýeterlik.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Garry Kuliýew köçesi, 64 - "Türkmen deri" binasy.
Telefon belgileri: ykjam - +993 (62) 62-00-30; edara: +993 (12) 75-35-69.
Mail: d.rzakuliyev@harman.consulting

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026