HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň daşary işler ministri we ÝB-niň ilçisi ýokary derejedäki saparlary guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Oktýabr 02, 2023 | 18:55 |8989
Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksi kabul etdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksi kabul etdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksi kabul etdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ministr ilçini wezpesine bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde oňa üstünlikler arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ikitaraplaýyn görnüşde we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini bellediler.

Ýokary derejedäki saparlary guramak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy öz beýanynda habar berdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýada ekologiýa we suw baýlyklaryny dolandyrmak pudagynda söwda-ykdysady, ulag we üstaşyr, energiýa, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada giňişleýin pikir alşyldy.

Bu nukdaýnazardan, “BOMCA”, “CADAP”, “Erasmus+” we ş.m. ýaly Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ÝB-niň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça gowy utgaşdyrylan bilelikdäki işler bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026