HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Oktýabr 02, 2023 | 19:38 |12251
2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara görnüşinde bolşy ýaly, halkara düzümleriň, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini bellediler, şeýle hem bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini nygtadylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri, ulag we logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklar bellenildi.

Şeýle hem iki döwletiň bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026