Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Soýuzmultfilm» dürli ýyllaryň erteki şa gyzlary bilen Täze ýyla gysga filmi çykarar

Sentýabr 30, 2023 | 15:00 |10441
«Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň iň meşhur alty sany erteki şa gyzlary, täze «Şa gyzlary: erteki aýdymy» atly gysga animasion filmde peýda bolarlar. Multfilm şa gyzlary – «Soýuzmultfilm»-iň dürli ýyllardaky multiplikasiýa filmleriniň gahrymanlary, ilkinji görkezilşi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýän Täze ýyl hekaýasynyň gahrymanlary bolarlar. Bu barada «Soýuzmultfilm»-iň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa habar berdi.«Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň iň meşhur alty sany erteki şa gyzlary, täze «Şa gyzlary: erteki aýdymy» atly gysga animasion filmde peýda bolarlar. Multfilm şa gyzlary – «Soýuzmultfilm»-iň dürli ýyllardaky multiplikasiýa filmleriniň gahrymanlary, ilkinji görkezilşi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýän Täze ýyl hekaýasynyň gahrymanlary bolarlar. Bu barada «Soýuzmultfilm»-iň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa habar berdi.
Çeşme: alnext.ru

«Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň iň meşhur alty sany erteki şa gyzlary, täze «Şa gyzlary: erteki aýdymy» atly gysga animasion filmde peýda bolarlar. Multfilm şa gyzlary – «Soýuzmultfilm»-iň dürli ýyllardaky multiplikasiýa filmleriniň gahrymanlary, ilkinji görkezilşi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýän Täze ýyl hekaýasynyň gahrymanlary bolarlar. Bu barada «Soýuzmultfilm»-iň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa habar berdi.

Multfilm baýramçylyk we sazly bolar. Studiýanyň rowaýata öwrülen gahrymanlar hakda täze hekaýalary gürrüň berýän Täze ýyl üçin gysga filmleriniň döredilmegi, «Soýuzmultfilm»-iň däbine öwrüldi diýip, baş prodýuser aýdýar.

Şa gyzlarynyň 40-dan gowragy bolan şa zenanlary «Soýuzmultfilm»-iň ýygyndysyndan saýlandy. Emma animasion gysga filme kinostudiýanyň dürli taslamalaryndan iň meşhur şa gyzlary we şa zenanlary girdi. «Bremeniň sazandalary»-indan şa gyzy, «Uçýan gämi»-den Zabawa, adybir filmlerden Dýuýmowoçka we Zoluşka, «Şa gyz we Adamhor»-dan Gorkunç-Ajaýyp Şa gyzy, şeýle hem «Altyn horaz barada erteki»-den Şamahan şa zenany ekranlara dolanyp gelerler. Mazmuny boýunça gahrymanlar bäsleşige gatnaşmak üçin saz toparyna birleşmeli bolýarlar. Olaryň öňüne Şamahan şa zenanynyň guran päsgelçilikleri we hileleri çykar.

«Täze ýylyň öňüsyrasynda täsinlikler bolýar we şa gyzlarynyň iň gowy keşpleri ýene-de öz tomaşaçylary bilen duşuşmak we ýagty, meşhur kompozisiýany ýerine ýetirmek üçin birleşerler», — diýip taslama barada «Soýuzmultfilm»-iň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026