HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda küşt boýunça iň uly bäsleşik geçirilýär

Oktýabr 02, 2023 | 01:44 |11910
2 aýlawdan soň, saýlanan iň gowy 64 küştçüden soň, has gyzykly we çekeleşikli hem-de garaşylmadyk oýunlar başlanar. Ýaryşlara sport ussady Şahruh Turaýew, 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony, dünýä reýtinginde 2193 reýtingi eýeleýän Amanmuhammet Hommadow we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda wise-çempion Wepaly Halynyýazow dagylar hem gatnaşýar.2 aýlawdan soň, saýlanan iň gowy 64 küştçüden soň, has gyzykly we çekeleşikli hem-de garaşylmadyk oýunlar başlanar. Ýaryşlara sport ussady Şahruh Turaýew, 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony, dünýä reýtinginde 2193 reýtingi eýeleýän Amanmuhammet Hommadow we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda wise-çempion Wepaly Halynyýazow dagylar hem gatnaşýar.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy

1-nji oktýabrda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş badalga aldy. Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda geçirilýän ýaryşa şu gezek iň köp mukdardaky küştçi – jemi 287 adam gatnaşýar.

2 aýlawdan soň, saýlanan iň gowy 64 küştçüden soň, has gyzykly we çekeleşikli hem-de garaşylmadyk oýunlar başlanar. Ýaryşlara sport ussady Şahruh Turaýew, 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony, dünýä reýtinginde 2193 reýtingi eýeleýän Amanmuhammet Hommadow we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda wise-çempion Wepaly Halynyýazow dagylar hem gatnaşýar.

6519da8c0e346200441873.jpg

Erkekler bilen umumy toparda çykyş edýän zenanlaryň içinde iň gowy netije görkezenler üçin aýratyn sanaw düzüler. Zenan küştüleriň içinde sport ussatlygyna dalaşgär Ogulsuraý Baýrambaýewa, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussadu Lala Şöhradowa we 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony Merýem Agajanowa dagylar bar.

6519daa717cb5862718513.jpg

Türkmenistanda geçirilen küşt oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek, şu gezekki ýaryşyň netijeleri (www.chess-results.com) halkara onlaýn platformada ýerleşdiriler. Federasiýanyň baýrak gaznasy 10 müň manat töweregindedir. Ýaryşda umumy hasapda 5, zenanlaryň arasynda 3 baýrakly orun kesgitlener. 18 ýaşa we 12 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda hem baýrakly orunlar bar.

6-njy oktýabra çenli dowam etjek ýaryşlaryň netijeleri 7-8-nji oktýabrda küştüň “rapid” we “blis” görnüşleri boýunça aýratyn oýunlar geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026