Gurbanguly Berdimuhamedow Olaf Şols bilen gepleşikler geçirdi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
«Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä gün tertibine zeper ýetirip biljek ählumumy derejedäki wakalar bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýda bar bolan meseleleri çözmekde syýasy sowukganlylyk we jogapkärli çemeleşmek zerurdyr», - diýip TDH gepleşikleriň mazmuny barada ýazýar. Bitarap ýurt bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan bäri bu syýasata yzygiderli eýerýär diýip agentlik belleýär.
Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda aýdylanda, Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Olaf bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe geljegi uly ugurlar bellenildi. Energetika pudagy şolaryň iň ähmiýetlisidir.
Hususan-da, duşuşykda german kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge gatnaşmak, şol sanda Germaniýadan maýa goýum we tehnologik tejribäni çekmek, tehniki-ykdysady esaslandyrmany geçirmek, hyzmatlary amala aşyrmak, enjamlary getirmek we bu ulgamda täze desgalary gurmak arkaly gatnaşmak ümmkinçilikleri gözden geçirildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank ulgamy, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag, “ýaşyl” tehnologiýalar, suw hojalygy, sanlylaşdyrmak ulgamlary görkezildi.
Saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns çekildi. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar.
Duşuşygyň dowamynda bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meselelerine deglip geçildi.
ORIENT news








