HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna terrorçylyk bilen baglanyşykly bolan ýagadaýa gynanç bildirdi

Oktýabr 01, 2023 | 13:20 |5165
Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara Bulujystan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde adamlaryň ölümine sebäp bolan partlamalar bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlara gynanç hatyny iberdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara Bulujystan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde adamlaryň ölümine sebäp bolan partlamalar bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlara gynanç hatyny iberdi.
Çeşme: REUTERS

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara Bulujystan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde adamlaryň ölümine sebäp bolan partlamalar bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlara gynanç hatyny iberdi.

Bu hatda "Terrorçylygyň we ekstremizmiň ýüze çykmagyna düýbünden garşy çykýan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu erbetlige garşy göreşmek we ony ýok etmek tagallalaryny doly goldaýar" diýilýär.

Ýurduň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu agyr pursatda pida bolanlaryň maşgalalaryna, garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur duýgudaşlyk we goldaw sözlerini ýetirdi we ýaralananlara bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi, diýip, TDH habar berýär.

Pakistanda bolan partlamalarda onlarça adam ýogaldy. Ýerli häkimiýetler muny 29-njy sentýabr, anna güni habar berdiler.

Ilkinji partlama Bulujystan welaýatynyň Mastung etrabyndaky metjidiň golaýynda bolup, azyndan 52 adamyň ölmegine sebäp boldy. Ýene 58 adam ýaralandy. Märeke metjitlerde Yslam dininiň pygamberi Muhammet Aleýhyssalamyň doglan gününe bagyşlanan dabaralar sebäpli ýygnanypdy.

Polisiýa bu betbagtçylygy janyndan geçen partlaýjy diýip düşündirdi. Içeri işler ministrligi “terrorçy elementleriň” işini yglan etdi. Bulujystanyň häkimiýetleri üç günlük ýas yglan etdiler.

Birnäçe sagatdan soň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda musulmanlaryň ybadat öýünde ýene bir partlama boldy. Ýerli häkimiýetler bu wakada azyndan bäş adamyň ölendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde ýerli habar beriş serişdeleri metjidiň üçeginiň ýykylandygyny we 30-40 adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny ýazýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026