HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi birnäçe ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky ilçisini täzelär

Oktýabr 02, 2023 | 21:04 |7778
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistan, Slowakiýa, Belarus Respublikasy, Saud Arabystany, Gabon, Urugwaý, Eritreýa we Demirgazyk Makedoniýa döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny täzelejekdigini habar berdi. Türkmenistanda 4 ýyl ilçi bolup işlän Togan Oralyň ýerine 53 ýaşly Ahmet Demirok geler.Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistan, Slowakiýa, Belarus Respublikasy, Saud Arabystany, Gabon, Urugwaý, Eritreýa we Demirgazyk Makedoniýa döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny täzelejekdigini habar berdi. Türkmenistanda 4 ýyl ilçi bolup işlän Togan Oralyň ýerine 53 ýaşly Ahmet Demirok geler.
Çeşme: haberler.com

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistan, Slowakiýa, Belarus Respublikasy, Saud Arabystany, Gabon, Urugwaý, Eritreýa we Demirgazyk Makedoniýa döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny täzelejekdigini habar berdi. Türkmenistanda 4 ýyl ilçi bolup işlän Togan Oralyň ýerine 53 ýaşly Ahmet Demirok geler.

Togan Oralyň çalşylmagynyň sebäbi, onuň diplomatik missiýasynyň wagtyndan öň tamamlanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Türkiýäniň diplomatik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy Konýadan, köp çagaly maşgalaly, iňlis dilini bilýän diplomatik işgärdir.

651a43f3cbfa9664340786.jpg

Ahmet Demirokyň diplomatik karýerasy 2010-njy ýylda başlanyp, şonda ol Türkiýäniň Londondaky baş konsuly bellendi. 2013-nji ýylda Katar Döwletiniň ilçisi bellenip, bu ýerde diplomatik missiýasy tamamlanýança işledi. 2017-nji ýylda Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde döwlet gullukçylarynyň etikasy boýunça geňeşiň agzasy, 2021-nji ýyldan bolsa, Eritreýadaky diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy bolup işläp başlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026