HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ispaniýanyň täze ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Sentýabr 30, 2023 | 18:37 |7322
Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ispaniýa Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Özüne ynanylan möhüm wezipäni ýerine ýetirmek bilen, diplomat öz tarapyndan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýakyndan ýardam etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda jenap Markos Gomes Martinese Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler barada gürrüň berildi. Diplomat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen hem tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ispaniýanyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026