HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleri Germaniýanyň kansleri bilen duşuşdylar

Sentýabr 29, 2023 | 19:24 |7451
Duşuşygyň barşynda söwda, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa serişdelerini ibermegiň, täze aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň meseleleri maslahatlaşdyldy.Duşuşygyň barşynda söwda, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa serişdelerini ibermegiň, täze aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň meseleleri maslahatlaşdyldy.
Çeşme: de.wikipedia.org

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Taraplar özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde bilelikdäki taslamalary, şeýle hem “Merkezi Aziýa + Germaniýa” görnüşindäki özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda söwda, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa serişdelerini ibermegiň, täze aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň meseleleri maslahatlaşdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.

Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026