HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň belent binasynda şöhlelendirildi

Sentýabr 30, 2023 | 08:04 |11964
Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäniň iň belent "Burj Halifa" binasynda şöhlelendirildi. Bu bina Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär.Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäniň iň belent "Burj Halifa" binasynda şöhlelendirildi. Bu bina Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär.
Çeşme: Instagram.com/turkmen_consulate_dubai

Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäniň iň belent "Burj Halifa" binasynda şöhlelendirildi. Bu bina Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär.

Türkmenistanyň Dubaý şäherindäki konsullygy dünýäniň iň belent binasynyň ýüzünde Türkmenistanyň ýaşyl tugy, onuň gözel nagyşlaryny janlandyrýan pursadyny görkezýän wideoýazgyny özüniň "Instagram" hasabynda paýlaşdy.

"Burj Halifa" binasynda türkmen Tugynyň şekillendirilmegi türkmen-emirlik dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň öňden gelýän ýakyn hyzmatdaşy bolup durýan Birleşen Arap Emirlikleri bilen söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.

Emirlikleriň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmalary artýar. Bu bolsa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan maýa goýum syýasaty, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmegi maksat edinýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalar bilen berk baglanyşyklydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026