Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleri Germaniýanyň kansleri bilen duşuşdylar


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Taraplar özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde bilelikdäki taslamalary, şeýle hem “Merkezi Aziýa + Germaniýa” görnüşindäki özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda söwda, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa serişdelerini ibermegiň, täze aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň meseleleri maslahatlaşdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.
Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
ORIENT news








