HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aýdym-saz ýaňlanýar - bütindünýäde bellenýän baýramçylyk

Sentýabr 27, 2023 | 14:41 |6590
Halkara aýdym-saz güni, dünýäniň ähli künjeklerinde belli bolup, ol oktýabr aýynyň birinji güni bellenilýän baýramçylykdyr. ÝUNESKO-nyň çözgüdi bilen 1975-nji ýylda döredilen sene bellenilýän senenamalaryň sanawyna berk ornaşdy we iň söýgüli we gyzykly baýramçylyklaryň birine öwrüldi.Halkara aýdym-saz güni, dünýäniň ähli künjeklerinde belli bolup, ol oktýabr aýynyň birinji güni bellenilýän baýramçylykdyr. ÝUNESKO-nyň çözgüdi bilen 1975-nji ýylda döredilen sene bellenilýän senenamalaryň sanawyna berk ornaşdy we iň söýgüli we gyzykly baýramçylyklaryň birine öwrüldi.
Çeşme: mavink.com

Halkara aýdym-saz güni, dünýäniň ähli künjeklerinde belli bolup, ol oktýabr aýynyň birinji güni bellenilýän baýramçylykdyr. ÝUNESKO-nyň çözgüdi bilen 1975-nji ýylda döredilen sene bellenilýän senenamalaryň sanawyna berk ornaşdy we iň söýgüli we gyzykly baýramçylyklaryň birine öwrüldi.

Bu güne bagyşlanan konsert, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçiriler. 2-nji oktýabrda aýdym-sazyň ýokary bilim edarasynyň uly zalynda “Aýdym-saz ýaňlanýar...” konserti geçiriler. Konsert programmasy, hemişeki ýaly ajaýyp we täsirli bolar. Konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary bir sahnada çykyş ederler: Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, Türkmenistanyň at gazanan aktrisasy Aýgul Ýagşiýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, şeýle hem Ýelena Arakelýan, Ýekaterina Darçiýa, Tylla Saryýewa, “Altyn Asyr” baýragynyň eýeleri Begenç Gaýipow, Laçin Hudaýberdiýewa, Döwran Şamyýew, Dünýägözel Begaliýewa, Dürjemal Çanlyýewa, Mähri Orazowa, Kakajan Hudaýberdiýew, Natella Bagirowa we başgalar.

2 ()23.jpg

Tomaşaçylar, şeýle hem, “Kamerata Aşgabat” we “Regtaým” topary ýaly (krişli saz gurallarda) saz ansambllarynyň çykyşlaryny hem görerler.

Sungat ussatlary türkmenleriň, ruslaryň we daşary ýurtly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirerler.

Konsert agşam 18:30-da başlaýar, giriş tölegsizdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026