HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda talyplar üçin 6 ugurda ders olimpiadalary geçiriler

Sentýabr 28, 2023 | 17:28 |6934
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.

Bu okuw jaýy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada alty ders boýunça olimpiadasyny guraýar. Isleg bildirýänler bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler. Her ýokary okuw jaýyndan ýüz tutýanlaryň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiada gatnaşjaklar guramaçy okuw jaýynyň resmi saýtynda bellige alynýar. 20 – 25-nji noýabr aralygynda onlaýn tertipde aşakdaky ugurlar boýunça birnäçe bilim ýaryşy geçiriler: ykdysadyýet, pelsepe, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, ýöriteleşdirilen iňlis, hytaý we italýan dilleri.

Alty olimpiada, degişlilikde alty günüň dowamynda gezekleşdirilip geçiriler. Her mowzuk bäsleşigi 1 tapgyrdan ybarat bolar. Olimpiadalara türkmen we iňlis dillerinde gatnaşyp bolýar.

Goşmaça maglumat üçin iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylara ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026