HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen okuwçylary "FLEX" okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Sentýabr 28, 2023 | 16:45 |13840
Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary "FLEX" okuw maksatnamasy esasynda 2024 - 2024-nji okuw ýylynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga çagyrylýar. Olar bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okarlar we amerikan maşgalalarynda hem ýaşarlar.Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary "FLEX" okuw maksatnamasy esasynda 2024 - 2024-nji okuw ýylynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga çagyrylýar. Olar bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okarlar we amerikan maşgalalarynda hem ýaşarlar.
Çeşme: Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri

Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary "FLEX" okuw maksatnamasy esasynda 2024 - 2024-nji okuw ýylynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga çagyrylýar. Olar bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okarlar we amerikan maşgalalarynda hem ýaşarlar.

Okuw synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň okuw, ýaşaýyş we ýol çykdajylarynyň ählisi ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan tölenýär. Oňa 2006-njy ýylyň 15-nji marty - 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglanlar gatnaşyp bilýärler. Harby gullugy geçmäge degişli 11-nji synp oglanlary bu okuwlara gatnaşyp bilmeýärler. Munuň üçin dalaşgäriň iňlis dilini oňat bilmegi we okuwlara ýetişiginiň gowy bolmagy zerurdyr.

Guramaçylar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde synaglaryň haçan boljakdygyny mälim edýärler. Synaglara gatnaşmak üçin okuw lybasynda ýanyň bilen täze düşülen 1 sany 3x4 suraty, pasporty ýa-da dogluş hakynda şahadatnamany we gara galam alyp gelmek zeurdyr.

Goşmaça maglumat üçin Aşgabatdaky Amerikan geňeşlerine ýüz tutup bilersiňiz:

Tel.: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36

Elektron poçta: flex.tm@americancouncils.org;

web-saýty: https://americancouncilstm.org/news/flex-testing-2023/

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026
Google Pics: täze AI grafiki redaktory Canva we Adobe bilen bäsleşer

Google Pics: täze AI grafiki redaktory Canva we Adobe bilen bäsleşer

18:05 Sentýabr 08, 2026
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026