HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen uniwersiteti “Times Higher Education-2024” dünýä reýtingine girdi

Sentýabr 28, 2023 | 15:08 |7016
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Times Higher Education” guramasynyň geljek ýyl üçin düzen “The Impact Rankings 2024” jemleýji reýtinginiň sanawyna girdi.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Times Higher Education” guramasynyň geljek ýyl üçin düzen “The Impact Rankings 2024” jemleýji reýtinginiň sanawyna girdi.
Çeşme: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Times Higher Education” guramasynyň geljek ýyl üçin düzen “The Impact Rankings 2024” jemleýji reýtinginiň sanawyna girdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini düzýän bu halkara gurama dünýäde iň abraýly baha beriş düzümleriň biridir. Ol ilkinji nobatda ýokary okuw mekdeplerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine baha berýär.

“ORIENT-e” habar berlişi ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bu guramada “habarçy” derejäni aldy we geljek ýyl üçin ählumumy sanawa girizildi. Onda esasan ýokary okuw mekdeplerinde okatmak, ylmy işleri alyp barmak, dolandyrmak we maglumat ýaýradyş işleriniň alnyp barlyşyna baha berildi. Bu sanaw 2018-nji ýyldan bäri düzülýär we gysga wagtda uly meşhurlyga eýe boldy. Sebäbi, bu gurama goşulýan okuw mekdepleriniň sany her ýyl artýar.

Guramanyň her ýylda çap edilýän žurnalynda iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri mälim edilip, olaryň iň gowy tejribeleri paýlaşylýar. Guramanyň geljek ýyl üçin sanawynda Oksford uniwersiteti birinji orunda ýerleşdirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026