HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 2035-nji ýyla çenli atom energiýasyndaky paýyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär

Sentýabr 29, 2023 | 00:26 |8729
Hytaý atom energiýasynyň energiýa ulgamyndaky paýyny häzirki wagtda 5% -den 2035-nji ýyla çenli 10% -e we 2060-njy ýyla çenli bolsa, 18% -e ýetirmegi maksat edinýär. Muny Hytaýyň Atom energiýasy Assosiasiýasynyň wekili Wan Binghua metbugat ýygnagynda belledi diýip, "Russiýa - Hytaý: esasy zat" habarlar gullugy habar berýär.Hytaý atom energiýasynyň energiýa ulgamyndaky paýyny häzirki wagtda 5% -den 2035-nji ýyla çenli 10% -e we 2060-njy ýyla çenli bolsa, 18% -e ýetirmegi maksat edinýär. Muny Hytaýyň Atom energiýasy Assosiasiýasynyň wekili Wan Binghua metbugat ýygnagynda belledi diýip, "Russiýa - Hytaý: esasy zat" habarlar gullugy habar berýär.
Çeşme: 3dnews.ru

Hytaý atom energiýasynyň energiýa ulgamyndaky paýyny häzirki wagtda 5% -den 2035-nji ýyla çenli 10% -e we 2060-njy ýyla çenli bolsa, 18% -e ýetirmegi maksat edinýär. Muny Hytaýyň Atom energiýasy Assosiasiýasynyň wekili Wan Binghua metbugat ýygnagynda belledi diýip, "Russiýa - Hytaý: esasy zat" habarlar gullugy habar berýär.

Wan Binghua Hytaýyň 55 sany atom desgasyny gurýandygyny we işleýändigini, ýene 24-siniň hem gurulýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Hytaý her ýyl alty-sekiz sany täze elektrik desgasynyň gurluşygyny başlatmagy meýilleşdirýär. Hytaý 2026-njy ýylda dünýäde birinji ýerde durýan atom energiýasyny öndürijisi bolmak blen ABŞ-dan öňe geçer diýlip çaklanylýar.

Ýolbaşçy, Hytaýyň uglerod zyňyndylaryny azaltmak baradaky maksatlaryna ýetmekde atom energiýasynyň möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, diňe 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda ýadro elektrik stansiýalarynyň işi 59,6 million tonna kömür tygşytlamaga mümkinçilik berdi, bu bolsa uglerodyň zyňyndylaryny 156 million tonna azaldy. Hytaý 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň iň ýokary derejesini geçmegi we 2060-njy ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär.

Wan Binghua geljekde atom elektrik stansiýalarynyň diňe bir elektrik energiýasyny öndürmek üçin däl, eýsem şäherleri we hatda sebitleri hem ýylatmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Hytaýyň iň uly ýarym adasyny - Şanduny (Jiaodong) gyzdyrmak üçin atom elektrik stansiýalaryndan bug ulanmak üçin Şandun welaýatynda synag taslamasy eýýäm başlandy.

Ýetip gelýän ýyladyş möwsümine çenli atom elektrik stansiýalaryndan bug bilen gyzdyrylýan meýdanyň ululygy 30 million inedördül metre ýeter. Wan Binghua tutuş ýarym adanyň ýyladylmagyny parahatçylykly atom energiýasyna geçirmek üçin takyk wagt aýtman, ýöne munuň ýuwaş-ýuwaşdan ediljekdigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026