HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly kazy, Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlarynda dzýudo boýunça söweşe baha berer

Sentýabr 28, 2023 | 23:43 |7447
Hytaýyň Hançžou şäherinde 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilýän tomusky XIХ Aziýa oýunlarynda sebitiň dürli ýurtlaryndan türgenler gatnaşýar. Şeýle hem oýunlarda dzýudo çykyşlaryna baha berýän Türkmenistanly kazy işleýär.Hytaýyň Hançžou şäherinde 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilýän tomusky XIХ Aziýa oýunlarynda sebitiň dürli ýurtlaryndan türgenler gatnaşýar. Şeýle hem oýunlarda dzýudo çykyşlaryna baha berýän Türkmenistanly kazy işleýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Hytaýyň Hançžou şäherinde 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilýän tomusky XIХ Aziýa oýunlarynda sebitiň dürli ýurtlaryndan türgenler gatnaşýar. Şeýle hem oýunlarda dzýudo çykyşlaryna baha berýän Türkmenistanly kazy işleýär.

Röwşen Amandurdyýew – dzýudo boýunça halkara derejeli kazy - A iň ýokary derejeli IJF International, 2002-nji ýyldan bäri ýaryşlara baha berýär. 2011-nji ýylda Bangkokdaky kazylar üçin geçirilen seminar-synagynyň netijelerine esaslanyp, «B» halkara kategoriýasyny we 2022-nji ýylda Almatyda «А» kategoriýasyny aldy.

Ol kursantlaryň we ýetginjekleriň arasynda köp Aziýa çempionatyna we dzýudo boýunça açyk Ýewropa we Aziýa kubogyna baha berdi. Uly ýaryşlardan 2022-nji ýylda Krakowda (Polşa) weteranlar dünýä çempionatyna eminlik etdi. Indi oňa türkmen dzýudoçylarynyň hem bäsleşýän Hançžhou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda dzýudo eminligi tabşyryldy.

Ondan başga-da, Türkmenistanly halkara küşt kazysy Wladimir Annaýew bu sportyň şu görnüşinde eminlik edýär. Oňa, «çalt» wagt gözegçilik düzgünlerine laýyklykda geçýän aýallaryň arasyndaky aýratyn bäsleşikde ilkinji tagta şahsy eminlik etmek tabşyryldy.

Aziýa oýunlarynyň 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Hançžhou şäherinde geçirilen XIX Aziýa tomusky oýunlary ilkibaşda 2022-nji ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda geçirilmelidi, ýöne Covid-19 pandemiýasy sebäpli ýaryş 2023-nji ýyla süýşürildi. Umuman, oýunlara Aziýanyň 45 ýurdundan 15 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Oýunlarda 40 sport görnüşinde 481 medal üçin ýaryşylýar.

Türkmen türgenleri sportyň 3x3 basketbol, ​​boks, erkin usulda we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, göreş, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu ýaly görnüşlerinde ýurdumyza wekilçilik edýär.

Ozal dýuzdoçy Maýsa Pardaýewanyň XIX Aziýa oýunlarynda türkmen toparyna ilkinji medaly getirendigi barada habar beripdik. Türgen 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyna mynasyp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026