Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler


1-nji oktýabrda Aşgabatda Tükmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryşa badalga berler. Oňa gatnaşmaga eýýäm ýurdumyzyň sebitlerinden 90 töweregi adam hasaba alyndy.
Şu gezekki ýaryşyň tapawutly aýratynlygy 11 aýlawda geçiriljek oýunlaryň her tapgyryndan soňky netijeler dünýä küştçüleriniň web-saýtynyň https://chess-results.com/default.aspx Türkmenistan bölüminde ýerleşdiriler.
Tükmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijisine 10 müň manat möçberde baýrak garaşýar. 5 sany ýeňiji orundan başga-da, ýaryşda zenanlaryň, 18 we 12 ýaşa çenli oglanlaryň hem-de gyzlaryň her derejesi boýunça 3 sany baýrakly ýer garaşýar.
Ýaryşyň jemleriniň jemlenýän gününde - 8-nji oktýabrda nusgawy, blis we çalt görnüşde oýnalýan ugurlary boýunça ýeňijilere dürli Kuboklar we iň az möçberde 4 müň manat baýrak gowşurylar. Ýaryş her ýylda barha köp adamlary özüne çekip, geljekde onuň halkara derejesinde geçirilmegine hem mümkinçilik bar. Oňa diňe professional derejedäki küştçüler däl-de, zehinine göwni ýetýän islendik adam gatnaşyp biler.

Ýaryşyň netijeleriniň https://chess-results.com/default.aspx halkara onlaýn platformasynda ýerleşdirilmegine her ýylky agzalyk goşantlary esasynda "Ýigit" hojalyk jemgyýeti we "ORIENT" ýakyndan ýardam berdiler. Şeýle ýaryşlaryň guralmagyna beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar hem özleriniň goşantlaryny goşup bilerler.
ORIENT news








