HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň täze ilçisi Beata Peksadan ynanç hatyny kabul etdi

Sentýabr 26, 2023 | 23:04 |7924
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky
täze ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny
gowşurdy we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa
Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle hem, ilçi Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen
gutlady.Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky
täze ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny
gowşurdy we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa
Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle hem, ilçi Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen
gutlady.
Çeşme: “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň suratlary

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem, ilçi Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow Ýewropaly diplomat bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ÝB bilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygy nygtaldy diýip, türkmen döwlet telewideniýesiniň agşamky ýaýlymynda aýdyldy.

Şol geçen ýyllaryň dowamynda däp bolan dostlukly gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär, soňky ýyllarda bolsa ýokary derejede geçirilýän gepleşikler has işjeň häsiýete eýe bolýar.

1 (9).jpg

Türkmenistanyň Prezidenti ýaňy-ýakynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny nygtady. Ulag ulgamy, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşinde yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň arasynda parlamentara dialog ýola goýuldy.

2 (10).jpg

Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, kanunçylygy kämilleşdirmek, energetika we beýleki ulgamlarda Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026