HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wladimir Putin: Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti

Sentýabr 27, 2023 | 16:23 |6620
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Hatda şeýle bellenýär: "Siziň ýurduňyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar".

Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bilelikde ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary, halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygy dostlukly halklaryň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirilýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýanyň Prezidenti Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026