HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkara konferensiýasy geçirildi

Sentýabr 26, 2023 | 21:05 |7740
Ankaradaky Türkmen ilçihanasy EkoAvrasiya gaznasy bilen bilelikde
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara
konferensiýa gurady. Çäre 26-njy sentýabrda Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynyň
binasynda geçirildi.Ankaradaky Türkmen ilçihanasy EkoAvrasiya gaznasy bilen bilelikde
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara
konferensiýa gurady. Çäre 26-njy sentýabrda Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynyň
binasynda geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan görkezildi

Ankaradaky Türkmen ilçihanasy EkoAvrasiya gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa gurady. Çäre 26-njy sentýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynyň binasynda geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň parlamentiň, Daşary işler ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleri, türkmen diasporasy, türkmen talyplary we metbugat işgärleri gatnaşdylar.

1 (8).jpg

Maslahatyň açylyşynda häzirki wagtda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Lideriň, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň uly özgerişliklerden ynamly ýöräp, bellenen wezipeleri üstünlikli çözýändigi we munuň üçin iň möhüm şertiň, bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurduň saýlanan halkara hyzmatdaşlygydygy bellendi.

Umumy mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasatda we diplomatiýada, ykdysady pudaklary hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmakda, sebitleýin ähmiýetli milli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada öz pikirleri bilen paýlaşdylar.

2 (9).jpg

Soňra konferensiýa dört mowzuklaýyn bölümde işini dowam etdirdi. Bu ýerde Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Garaşsyz ösüş ýoluny aýdyň görkezýän sergi açyldy. Şeýle hem sergide türkmen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary, halylar we şaý-sepler görkezildi.

3 (3).jpg

Kitap stendlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, häzirki zaman Türkmenistan, türkmen halkynyň asyl däp-dessurlary hakda suratly neşirler görkezildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödürlendi.

4 (2).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026