HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Tokiodaky ykdysadyýet we energetika boýunça ministrleriň ýygnagyna gatnaşdy

Sentýabr 26, 2023 | 20:45 |6609
«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäginde döredilen ministrleriň
ykdysady we energetika dialogynyň ilkinji mejlisi çarşenbe güni
Tokioda gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri Maksat
Babaýew wekilçilik etdi.«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäginde döredilen ministrleriň
ykdysady we energetika dialogynyň ilkinji mejlisi çarşenbe güni
Tokioda gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri Maksat
Babaýew wekilçilik etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäginde döredilen ministrleriň ykdysady we energetika dialogynyň ilkinji mejlisi çarşenbe güni Tokioda gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri Maksat Babaýew wekilçilik etdi.

Şeýle hem, duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika we tebigy baýlyklar ministrleri, sebit ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Nisimura Ýasutoşi ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen tarapy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin hökümet derejesinde görülýän syýasatlar we çäreler barada habar berdi. Ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmek we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meýilleşdirilen taslamalary hödürlediler, şeýle hem hyzmatdaşlyga we Ýaponiýanyň bu ugurdaky tejribesini öwrenmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Dialogyň netijelerine görä Bilelikdäki Jarnama kabul edildi diýip, türkmen Daşary işler ministrligi habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026