HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler we ýaşlar ýygyndylary Daşkendäki türgenleşige gitdiler

Sentýabr 26, 2023 | 12:49 |9328
Türkmenistan tennis boýunça erkekler topary, şeýle hem 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy özbegistanly türgenler bilen bilelikde üç hepdelik türgenleşik geçirmek maksady bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkende gitdiler, bu barada ýurdumyzyň sportuň bu görnüşi baradaky Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistan tennis boýunça erkekler topary, şeýle hem 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy özbegistanly türgenler bilen bilelikde üç hepdelik türgenleşik geçirmek maksady bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkende gitdiler, bu barada ýurdumyzyň sportuň bu görnüşi baradaky Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: tennis.turkmenistan.Instagram.com

Türkmenistan tennis boýunça erkekler topary, şeýle hem 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy özbegistanly türgenler bilen bilelikde üç hepdelik türgenleşik geçirmek maksady bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkende gitdiler, bu barada ýurdumyzyň sportuň bu görnüşi baradaky Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Esasy türgenleşikler, tennis boýunça dünýäniň 16-njy raketasy - Iroda Tulýaganowanyň adyny göterýän dünýä belli Tennis akademiýasynda bolar.

Türgenleşik okuwlary gutarandan soňra, erkekler topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek Dewis kubogyna gatnaşarlar. Bu ýyl Türkmenistan milli ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň dördünji toparynda bäsleşýärler. Bäsleşikde Singapur, Kuweýt, BAE, Yrak, Guam, Gyrgyzystan we Siriýanyň toparlary bilen bäsleşýärler.

Topardaky esasy kapitany Mirali Gasanow bolup, Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Atlymyrat Gurbanow, Hajymyrat Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew we Allanur Daýanjow ýaly oýunçylary ýaryşa taýýarlar.

14 ýaşa çenli ýetginjekler toparynyň halkara ýaryşlaryna hem gatnaşjakdygyny bellemelidiris. Olar Buhara we Karşi şäherlerinde geçiriljek Aziýa federasiýasynyň iki açyk çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşlarda ýaş türkmen tennisçilerinden şular wekilçilik ederler: Ilima Guseýnowa, Imran Ahundow, Selim Çagylow, Sabrina Rahmanowa, Aýlara Kakabaýewa, Resul Mämmetgurbanow we Süleýman Hudaýberdiýew. Olar Andreý Dowmatowyň we Ýewgeniý Molçanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026