HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

450 töweregi raýat döwlet sylaglaryna mynasyp boldy

Sentýabr 26, 2023 | 10:43 |6919
“Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal 380 töweregi adama gowşuyldy. Olaryň içinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, mekdepleriň direktorlary, önümçilik kärhanalarynyň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri, aýratyn sepgitlere ýeten telekeçiler bar.“Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal 380 töweregi adama gowşuyldy. Olaryň içinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, mekdepleriň direktorlary, önümçilik kärhanalarynyň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri, aýratyn sepgitlere ýeten telekeçiler bar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanlary bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlary döwlet sylaglary – medaldyr ordenler bilen sylaglanyp, hormatly atlar dakyldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bu sylaglar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan raýatlara gowşuryldy.

“Gaýrat” medalyna Mejlisiň bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Baýmyrat Babaýew mynasyp boldy. “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” atly medala ýurdumyzyň 31 raýaty mynasyp boldy. Olaryň içinde ylmy işgärler, bilim we ulag pudagynyň işgärleri bar.

“Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal 380 töweregi adama gowşuryldy. Olaryň içinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, mekdepleriň direktorlary, önümçilik kärhanalarynyň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri hem-de aýratyn sepgitlere ýeten telekeçiler bar.

“Türkmenistanyň halk artisti” diýen ada 6 raýat, “Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri” diýen ada 5 raýat, “Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy” diýen ada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Ruhabatgurluşyk” trestiniň dolandyryjysy Atamurat Ýollyýew, “Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri” diýen ada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Çarymyrat Janmyradow we Mary stansiýasynyň wokzal boýunça nobatçysy Rejepnazar Hudaýnazarow mynasyp boldular. Şeýle hem at gazanan žurnalist, uçarman, jemgyýetçilik işgäri, artist, medeniýet, aragatnaşyk işgäri atlary we beýleki hormatly atlar dakyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026