Türkmenistan Ählumumy Metan başlangyjyny goldaýar


Türkmenistan howanyň gün tertibi boýunça halkara tagallalaryna goşulýar we howada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli derejede çäreleri görüp, BMG-nyň başlangyjy - Ählumumy Metan borçnamasyny goldaýar. Bu barada ýekşenbe güni, 24-nji sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutany, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak maksatnamalarynyň we ekologiýa taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirýändigini, şäherleriň we obalaryň töwereginde ýaşyl guşaklaryň döredýändigini, tokaý guşaklarynyň giňeldilýändigini, ekoulgamlary we biodürlüligi gorap saklamak hem-de tebigy gorlary giňeldilmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow ählihalk forumda çykyş edip, daşky gurşawa zyýanly täsirleriň öňüni almak üçin polimer we plastmassa materiallaryny ulanmak hem-de galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça ylmy esaslary we kadalary girizmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle galyndylary ýygnamak we gaýtadan işlemek üçin ýörite maksatnamalar kabul edilmelidir diýip, Prezidentimiz bu ugurda hyzmatdaşlygyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň degişli konwensiýalary esasynda dowam etdiriljekdigini aýtdy.
ORIENT news








