HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi

Sentýabr 25, 2023 | 11:10 |8208
Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.
Çeşme: stylishbag.ru

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek; Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak teklipleri beýan edildi.

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026