Ženewada Hazarýaka ýurtlarynyň wekiliýetleri Hazar deňiz gurşawyny goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


«Tähran konwensiýasy» diýlip atlandyrylýan Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa boýunça ministrlik geňeşmeleri 21-22-nji sentýabrda Ženewada geçirildi. Duşuşyga Hazarýaka döwletleriniň - Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem geňeşmeleriň soňky resminamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa - «Tähran konwensiýasy» 2003-nji ýylda Tähran şäherinde kabul edildi we Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisi tarapyndan gol çekilen ilkinji kanuny taýdan borçlandyrýan sebitleýin ylalaşyk bolup durýar. Resminama diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamaga, dikeltmäge we goramaga gönükdirilendir.
ORIENT news








