HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze hil derejesini bellediler

Sentýabr 22, 2023 | 20:09 |7550
22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Çeşme: president.uz

22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Özbek Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Biz köp zatlar baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan ýakyn goňşymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi oba hojalyk, elektroenergetika pudaklaryna, nebitgaz toplumyna we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Soňky ýyllarda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi. Işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026