HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

Sentýabr 22, 2023 | 17:48 |9478
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar."Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.
Çeşme: tulm.tm

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.

Paýdarlar jemgyýeti ekspeditorçylyk hyzmatlaryna töleg almazdan, ýurdumyzyň awiakompaniýasy arkaly ýükleriň daşalyşynda amatly tarifleri hödürleýär. Şunda müşderiniň akylly-başly logistika bolan talaplary doly üpjün edilýär.

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" her bir müşderä aýrtynlykda çemeleşip, ýükleriň howpsuz we ygtybarly gowşurylmagyna kepil geçýär. Kompaniýa müşderi üçin islendik wagtda, dünýäniň islendik künjegine ýük howa gatnawyny guramaga ýardam edýär. Müşderi özi üçin zerur bolan howa gämisini saýlandan soň, kompaniýanyň hünärmenleri ýüküň çalt zaýalanýandygyna (munuň üçin hem ýörite ammarlar bar) ýa-da iri göwrümlidigine seredip, ýüki eltmek boýunça resminamalary doldurýarlar.

Uly möçberli we gyssagly ýük ibermeler, şol sanda barmasy kyn bolan ýerler üçin ýörite howa gatnawlary guralýar.

Kompaniýa şeýle hem islendik görnüşli howa gämileriniň Türkmenistanyň çäklerindäki halkara ähli howa menzillerinde tehniki gonuşy amala aşyrmagy üçin hem işleri alyp barýar. Şunda uçara tehniki hyzmat etmek, arassalamak, ýükleri düşürmek we ýüklemek, ekipaž we ýolagçy düzümi gatnatmak, keýtering, elektrik we içimlik suw üpjünçiligi we başga-da köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

Howa gatnawlary arkaly ýük daşamagyň tarifleri

Screenshot_40.jpg

Bellik:
Türkmenistanyň raýatlary üçin tarifler manat hasabynda ýöredilýär;
awia ýük hatlaryny resmileşdirmek üçin töleg- 11,5$;
ýüki gaýtadan işlemek üçin töleg - 0,29$/kg.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99312 28 69 76
+99365 60 25 66
+99361 15 12 56

Elektron poçta:
sh.charyyeva@tulm.tm
r.hanayev@tulm.tm
airdepartment@tulm.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026