Gymmatly kagyzlar bazarynyň işi boýunça okuwlara seçip alyş geçirilýär


Aşgabadyň gazna biržasy “Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen işlemek” ugry boýunça gysga möhletleýin okuwlara seçip alyş işini yglan edýär. Oňa soňky döwürde ýurdumyzda kemala gelýän gazna bazarynda gymmatly kagyzlaryň işi barada giňişleýin öwrenmek isleýän islendik adam gatnaşyp biler.
Okuwlaryň netijesi boýunça, oňa gatnaşyjylar işewürlige goşmaça pul serişdelerini çekmek we göterim hasabynda girdeji almak üçin gymmatly kagyzlar bazarynda iň alyp barmagyň usullaryny öwrenerler. Bu okuwlary 16-njy oktýabrdan başlamak meýilleşdirilýär. Okuwa ýazylmak isleýänler ýa-da gyzyklanma bildirýänler şu telefon belgileri boýunça soraglaryny berip bilerler: (+993 12) 46-86-27, (+993 12) 46-85-82.
Aşgabadyň gazna biržasynyň salgysy: Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly, 126. (“Senagat” bankynyň binasy).
ORIENT news








