Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Sentýabr 19, 2023 | 03:03 |7922
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen günüň ikinji ýarymynda  BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen günüň ikinji ýarymynda  BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Antoniu Guterriş Prezident Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellendi.

Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwlet Baştutanlarynyň plenar mejlisinde çykyş eder, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “С5+1” görnüşdäki döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026