HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen parlamentiniň başlygy Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Sentýabr 19, 2023 | 01:04 |9508
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünyägözel Gulmanowa duşenbe güni Seula eden saparynda Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünyägözel Gulmanowa duşenbe güni Seula eden saparynda Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünyägözel Gulmanowa duşenbe güni Seula eden saparynda Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň mundan beýläkki hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda premýer-ministr Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda nebit, gaz we nebit-himiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak isleýändigini belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

1.jpg

Şol gün Türkmenistanyň parlamentiniň başlygy Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy Kim Çžin Phýo bilen aýratyn duşuşyk geçirdi we ilkinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmelerine gatnaşdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada jikme-jik pikir alyşmagyň dowamynda taraplar bu çäräniň parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin täsirli platforma bolup hyzmat etjekdigini beýan etdiler.

2.jpg

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde parlamentara gepleşikleriň möhüm orny bellendi. Geljegi uly ugurlar hökmünde söwda-ykdysady toplumy, nebit-gaz, nebit-himiýa we ulag pudaklary, medeni we ynsanperwer ugry, şol sanda lukmançylyk, bilim pudagy, esasanam, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek kesgitlenildi. Koreýa kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň geljegine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 17-19-njy sentýabrda Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady – «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» parlamentleriniň başlyklarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmak.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026