HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Nýu-Ýorkda maslahatlaşyldy

Sentýabr 19, 2023 | 05:09 |13319
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.
Çeşme: pacificpressagency.com

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026