HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Ahalyň" garşydaşy "Al-Feýha" topary Türkmenistanda türgenleşik geçýär

Sentýabr 18, 2023 | 01:27 |7882
Türkmen futbol toparynyň ertir - 19-njy sentýabrda, sagat 21:00-da paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly sport toplumynda "Al-Feýha" toparyna garşy AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy badalga alýar.Türkmen futbol toparynyň ertir - 19-njy sentýabrda, sagat 21:00-da paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly sport toplumynda "Al-Feýha" toparyna garşy AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy badalga alýar.
Çeşme: sportnaviny.com

Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän "Ahal" toparynyň ilkinji garşydaşy Saud Arabystanynyň "Al-Feýha" futbol topary Türkmenistana geldi we ilkinji türgenleşiklerini geçdi.

"Al-Feýha" toparynyň baş tälimçisi, serbiýaly Wuk Raşowiç "ORIENT" bilen geçiren söhbetdeşliginde öňde boljak duşuşyk barada şeýle diýdi:

— Biziň toparymyz Türkmenistanyň çempiony, geçen gezekki möwsümde netijeli çykyş eden "Ahal" topary bilen ýeňil bolmadyk duşuşyga taýýar. Biziň AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge ýeterlik tejribämiz bar we pleý-off oýunlaryna çykmagy meýilleşdirýäris. Biz hiç bir garşydaşymyza kembaha garaman, diňe ýeňiş ugrunda göreşeris. Toparymyz iň gowy oýunlary görkezmegi maksat edinýär. Öňde boljak duşuşygyň dostluk we sport ýagdaýynda geçjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistana gelşine türgenleşige girişmegiň sebäbini soranymyzda, ol munuň futbolçylaryň ýerli howa ýagdaýlaryna uýgunlaşmagy bilen baglydygyny belledi. Bu türgenleşikler ýeňil görnüşde, beden myşsalaryny we bogunlaryny berkitmek maksady bilen geçirildi. Tälimçiniň pikiriçe, topar öňde boljak duşuşyga taýýar.

Türkmen futbol toparynyň ertir - 19-njy sentýabrda, sagat 21:00-da paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly sport toplumynda "Al-Feýha" toparyna garşy AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy badalga alýar.

Artur PETROSYANTS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026