HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Polşanyň Prezidenti katolik ybadathananyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysyny sylaglady

Sentýabr 17, 2023 | 23:42 |7091
Watikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi, polşaly Anjeý Madeý Polşanyň döwlet sylagy - "Altyn Haç" sylagy bilen sylaglandy. Bu çözgüdi ýurduň Prezidenti Anjeý Duda kabul etdi.Watikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi, polşaly Anjeý Madeý Polşanyň döwlet sylagy - "Altyn Haç" sylagy bilen sylaglandy. Bu çözgüdi ýurduň Prezidenti Anjeý Duda kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

Watikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi, polşaly Anjeý Madeý Polşanyň döwlet sylagy - "Altyn Haç" sylagy bilen sylaglandy. Bu çözgüdi ýurduň Prezidenti Anjeý Duda kabul etdi.

1923-nji ýylda esaslandyrylan bu sylag döwletiň öňünde bitirilen ýokary hyzmat üçin berilýär. Anjeý Madeý eýýäm 25 ýyl bäri Türkmenistandaky ilçihanada işleýär. "ORIENT" bilen bolan söhbetdeşliginde Anjeý Madeý şeýle gürrüň berdi: "Biziň gözümiziň alnynda türkmen paýtagtynyň täze keşbi kemala geldi. Men käteler şähere aýlanamda "Bu haýsy ýer?" diýen soragy berenimi bilmän galýan. Bu ýerde özgerişlikler şeýle çalt depginde bolup geçýär. Şonuň üçin-de, şäheriň ýaşaýjylary paýtagta "Ak şäherim" diýip söýgi bilen aýdýarlar. Gudraty Güýçliniň nazary düşmezden, gysga wagtda şeýle ajaýyp şäheri gurmak mümkin däl. Men Türkmenistanda Mukaddes tagtyň - Watikanyň adyndan wekilçilik edýän. Men her günde türkmen halkynyň şu gününiň we ertiriniň has-da ýagty bolmagyny Beýik Birribardan dileýärin. Goý. Türkmenistanyň ajaýyp geljegi bolsun we ösüşiniň bady hiç wagt peselmesin".

650749778fa76932376385.jpg

Katolik ybadathanasy Türkmenistanda 2010-njy ýylda resmi ykrar edildi. Häzirki wagtda bu ybadathananyň 3 ruhanysy we 200-den gowrak agzaly jemgyýeti bar.

6507497c3cdb7505751115.jpg

Ýurdumyzda din we dini guramalaryň azatlygy kanun taýdan berkidilendir. Dünýewi döwletde halkymyz beýleki dinleriň wekilleri bilen agzybirlikde ýaşap, birek-birege hormat goýýarlar.

650749819dd7b278158900.jpg

Ýeri gelende bellesek, Anjeý Madeý başga-da birnäçe sylaglaryň eýesidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026