Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullukçylary Ýaragly Güýçleriniň hataryndan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyş baradaky Permana gol çekdi


Prezident Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we ýurdumyzyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy baradaky Permana gol çekdi.
Çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyş şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda amala aşyrylar. Harby gulluga çagyrylan gününe çenli 18 ýaşy dolan, 27 ýaşa çenli harby gulluga çagyrylmakdan yza süýşürmek hukugyny ýitiren Türkmenistanyň erkek raýatlary harby gulluga çagyrylýar.
Bu Perman resmi çap edilen gününden güýje girer, bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga hem gol çekdi, oňa laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyne, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyne we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna degişli möhletde gulluk eden harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak we söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.
ORIENT news








