Dubaý bilen Londonyň arasynda uçmak üçin kaşaň haýwan uçary


Hususy awiakompaniýa K9 Jets, Dubaýdan Londona saýahat edýän öý haýwanlary we eýeleri üçin täze hyzmaty ýola goýdy. Kaşaň uçarda dört aýakly «syýahatçylar» eýeleri bilen syýahat ederler. Petegiň bahasy takmynan 10 müň dollar bolup, bir ýolagçy we umumy agramy 45 kg bolan iki ýa-da agramy 23 kg bolan bir öý haýwanlary üçin ýeri öz içine alýar diýip, K9 Jets howa gatnawynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ilkinji uçuş 26-njy sentýabrda Al Maktum halkara howa menzilinden ugraýar. Hasaba alyş howa menziliniň hususy terminalynda bolar. Dört aýakly «ýolagçylar» gäminiň ekipažy tarapyndan garşylanar we bir görnüşli VIP otaga äkidiler - öý haýwanlary uçuşdan ozal gowy tertipli otjagazda dynç alarlar.
Şeýle üýtgeşik hyzmat bermek pikiri, aýaly Kirsty bilen K9 Jets-i esaslandyran öňki pilot Adam Golderden geldi. Täjirçilik awiakompaniýalarynyň köpüsi has uly öý haýwanlarynyň uçar kabinasynda gitmegini çäklendirýär we olar ýörite konteýnerlerde ýük saklanýan ýerinde syýahat etmeli bolýarlar. K9 Jets öý haýwanlary we olaryň eýeleri üçin stressiz syýahat hödürleýär.
«Şu güne çenli halkara gatnawlarda Parižden, Londondan, Nýu Jersiden, Los Anželesden we Lissabon ýaly ugurlardan 220-den gowrak bagtly öý haýwanlaryny we olaryň eýelerini daşadyk. Dubaýa täze ugrymyz K9 Jets-iň Ýakyn Gündogara ilkinji uçuşydyr. Biz howa ýollarymyzy has- da giňeltmegi we 2024-nji ýylda Gündogara, Aziýa we Awstraliýa täze ugurlary açmagy meýilleşdirýäris», — diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy taslamanyň awtory Adam Golderiň sözlerine salgylanýar.
Hususy K9 Jets howa kompaniýasy Birmingemde ýerleşýär. Goldersler jübüti G6 Aviation golçur kärhanasynda adaty bolmadyk syýahat isleginiň düýpgöter ýokarlanandygyny - eýeleri öý haýwanlary üçin kabinada ýer satyn alýandygyny görüp, geçen ýyl ony esaslandyrdylar. Öý haýwanlarynyň ýük ýaly däl-de, rahatlykda uçmagyny üpjün etmek üçin haýwan eýeleri dört aýaklylaryň tölegleriniň amatly bolmagy üçin hyzmatdaşlyk edip, çarter uçuşlaryny gurap başladylar. «Bu tolkuny tutan», başarnykly är-aýal uly isleg bildirýän täze hyzmat görnüşini ýola goýdy. Halkara öý haýwanlary birleşiginiň maglumatlaryna görä, her ýyl dünýäde 4 milliondan gowrak öý haýwanlary howa arkaly syýahat edýär.
ORIENT news








