Çişligiň waspy: halaýan tagam hakda garaşylmadyk maglumatlar


Çişlik – köpleriň halaýan tagamy bolup, hiç hili dabara ýa-da baýramçylyk bu ýakymly ysly lezzetsiz geçmeýär. Gündogar, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Gündogar Ýewropa ýurtlary çişligiň mekany hasaplanýar. Aslynda başda çişlik diňe inçe dogralan goýun etinden edilýän hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen maňňalda et bişirmegiň dürli görnüşleri peýda boldy. Häzirki wagtda adamlar towukdan, balykdan, göle etinden, doňuz etinden we hatda gök önümlerden hem çişlik edýärler.
Düzgün bolşy ýaly, çişlik gaty ýagly önüm we şonuň üçin ol saglyga zyýanly hasaplanýar. Emma, halanýan tagamyň saglyga peýdaly taparlary hem bolup biler. Olar ine şular:

Maňňalda taýýarlanan et köp gymmatly maddalary saklaýar, marinad bolsa mümkin bolan howply bakteriýalary goşmaça öldürip biler. Mundan başga-da, tüssede bişirilen et, adam üçin tutuş bedeniň ösmegini üpjün edýän möhüm belok çeşmesidir. Ol antikorlary öndürmäge gatnaşýar we bu bolsa çişligiň immuniteti ýokarlandyryp biljekdigini aňladýar.
Ýene bir hakykat - gowy taýýarlanan çişlikde, adatça diňe çig etde bar bolan witaminler saklanyp galýar. Mysal üçin, maňňaldan aýrylan gyzgyn etde B we F witaminleri köp bolup biler. Birinjisi kadaly alyş- çalyş, nerw ulgamynyň işlemegi we energiýa önümçiligi üçin örän möhümdir. Ikinjisi, gan aýlanyşygy we beýniniň işlemegi üçin peýdaly bolup biler.

Mundan başga-da, çişligiň düzüminde dürli minerallar, esasanam demir köp bolýar. Mendeleýewiň tablisanyň bu elementi dokumalara kislorod berýär we beden üçin örän zerurdyr. Etdäki kalsiý süňkleriň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, kaliý bolsa, nerw ulgamy üçin peýdalydyr. Şireli çişlikde erkekleriň saglygyny güýçlendirýän sink hem bar.
Çişlik üçin marinadam gaty peýdaly bolup biler we her kimiň öz taýýarlaýyş täri bar. Adamlar ony taýýarlanda sirke, limon turşusy, mineral suw, çakyr we ş.m. ulanýarlar. Her çişlikçiniň öz syrlary bar we hut şol ujypsyz aýratynlyklar bu et tagamyna «belgili» we gaýtalanmajak lezzet berýär.

Marinadyň turşumtyk esasy bolsa, köp kesel dörediji mikroblary öldürýär. «Ergine ýatyrylan» et az kanserogen bolup, ondan edilen çişlik gaty şireli we tagamly bolýar. Emma beýleki zatlarda hem bolşy ýaly, bu tagamy aşa ulanmak maslahat berilmeýär. Eger çişlik aram möçberde iýilse, lezzet bilen peýda, üstesine-de gastronomiki maza we ajaýyp keýp hem alyp bolar.
ORIENT news








