HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanadaky kitap festiwalynda türkmen pawiliony ünsi özüne çekdi

Sentýabr 16, 2023 | 15:04 |8501
Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime
halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze
kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime
halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze
kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.
Çeşme: Instagram.com/ embassy_of_turkmenistan

Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.

Festiwalyň myhmanlary milli akademiki kitaphanada ýerleşýen türkmen pawilionynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan kitaplar, şeýle hem halk däp-dessurlary we ýurdumyzyň taryhy bilen tanyşdylar. Şeýle hem stendlerde türkmenleriň milli eşikleri, halylary we türkmen senetçileriniň keşdeleri görkezildi.

Screenshot_20230916_143427_Instagram.jpg

Pawilýonyň myhmanlaryny häzirki wagtda ilçihanada tejribe geçýän Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň 5-nji ýyl talyplary garşyladylar. Olar türkmen pawilýonynyň sergisine gelýänleri tanyşdyrýan we soraglara jogap berýän ýolgörkezijiler hökmünde çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dürli medeni çärelere işjeň gatnaşýar. Kitaptime kitap festiwaly iki ýurduň arasyndaky depginli ösýän gatnaşyklaryň ýene bir nusgasy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026