HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilçi - TOPH we TOP sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açar

Sentýabr 15, 2023 | 15:45 |8958
TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçirijisi diňe bir uzak möhletleýin Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebit hyzmatdaşlygy üçin hem täze mümkinçilikleri açar, diýip, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Feýsalabadyň Söwda-senagat palatasynyň (FCCI) prezidenti doktor Hurram Tarik bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Associated Press OF Pakistan habarlar gullugy aýdýar.TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçirijisi diňe bir uzak möhletleýin Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebit hyzmatdaşlygy üçin hem täze mümkinçilikleri açar, diýip, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Feýsalabadyň Söwda-senagat palatasynyň (FCCI) prezidenti doktor Hurram Tarik bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Associated Press OF Pakistan habarlar gullugy aýdýar.
Çeşme: orient.tm

TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçirijisi diňe bir uzak möhletleýin Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebit hyzmatdaşlygy üçin hem täze mümkinçilikleri açar, diýip, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Feýsalabadyň Söwda-senagat palatasynyň (FCCI) prezidenti doktor Hurram Tarik bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Associated Press OF Pakistan habarlar gullugy aýdýar.

Uzynlygy 1830 km bolan gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaz bolup durýar we TOP Pakistanyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek eder diýip, ilçi belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň eýýäm Pakistana suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edip başlandygyny we şu wagta çenli 50 tankeriň eltilendigini aýtdy.

Hurram Tarik, Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýokary baha berdi we iki ýurduň hem ikitaraplaýyn söwda meselesine ünsi jemlemelidigini aýtdy. Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Feýsalabad, Pakistanyň Penjap welaýatynda ýerleşýän şol bir etrapdaky şäher we dolandyryş merkezidir. Ol Pakistanda Karaçi we Lahordan soň üçünji uly şäher bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026