HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti GDA döwletleriniň içeri işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Sentýabr 16, 2023 | 17:37 |7841
15-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Türkestan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.15-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Türkestan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: polisia.kz

15-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Türkestan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Oňa degişli döwletleriň içeri işler edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem-de Arkalaşygyň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Gazagystanyň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Mejlisde jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýetiň globallaşmagy, maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginde ösmegi bilen bagly guramaçylykly jenaýatyň içerki howpsuzlyk üçin howp bolup biljekdigi bellendi. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meselelerine hem giň orun berildi. Mejlisde ýurtlaryň içeri işler edaralarynyň jenaýaty agtarmak işindäki tejribelerinden mysallar getirildi. Internet ulgamynda kiber jenaýatlaryny ýüze çykarmak boýunça belarus tarapynyň toplan tejribesi we bu babatdaky usuly maslahatlary gatnaşyjylara hödürlendi.

Mejlisiň jemleri boýunça 2024 - 2028-nji ýyllarda GDA agza ýurtlaryň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi. Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Gazagystanyň Türkestan sebitiniň polisiýa edarasynyň enjamlaýyn üpjünçiligi, jemgyýetçilik abadançylygyny üpjün etmekde, raýatlaryň hukuklaryny goramakda toplanan tejribeler giňden tanyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026