HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitinden soň Bilelikdäki Beýannama garaşylýar

Sentýabr 16, 2023 | 01:36 |9085
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Nýu-Yorkda geçiriljek bilelikdäki ýygnagyndan soň Bilelikdäki Beýannama kabul ederler. Amerikanyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan žurnalistler üçin geçirilen brifingde bu barada habar berdi.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Nýu-Yorkda geçiriljek bilelikdäki ýygnagyndan soň Bilelikdäki Beýannama kabul ederler. Amerikanyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan žurnalistler üçin geçirilen brifingde bu barada habar berdi.
Çeşme: whitehouse.gov

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Nýu-Yorkda geçiriljek bilelikdäki ýygnagyndan soň Bilelikdäki Beýannama kabul ederler. Amerikanyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan žurnalistler üçin geçirilen brifingde bu barada habar berdi.

“... Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginiň netijesine hakykatdan hem garaşýarys. Esasy ugurlarda bilelikde işlemek we bilelikde etmek niýetimiz bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary muny netijeli eder biler ýaly, käbir çeşmeleri getirer " - diýip, Waşington administrasiýasynyň başlygynyň geňeşçisi aýtdy.

"Bu sammit haýsydyr bir ýurda garşy gönükdirilmeýär diýip, Salliwan belledi. Ol, oňyn gün tertibimizde görkezilen, bu döwletler bilen işleşmek islegimize bagyşlanýar" diýip, TASS onuň aýdan sözlerini getirýär.

Salliwanyň düşündirişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 19-njy sentýabrda Nýu-Yorkorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäginde ýokary derejeli hepdelik çäreleriň hatarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen gepleşikleri geçirer.

Ak Tamyň wekiliniň sözlerine görä, bu ýerde şeýle formatda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ilkinji ýygnak barada söz gidýär. Baýdeniň kömekçisi: "Bu ilkinji sammit ýolbaşçylara sebit howpsuzlygyndan söwda we aragatnaşyk, howanyň üýtgemegi we dolandyryşy gowulandyrmak we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek üçin dowam edýän özgertmeler ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer" - diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026