HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ekipažly «Soyuz MS-24» gämisi HÄBe goşuldy

Sentýabr 16, 2023 | 01:08 |7044
Dolandyrylýan «Soyuz MS-24» gämisi anna güni Baýkonur kosmodromyndan ugradyldy we HÄB-niň rus böleginiň modulyna goşuldy diýip, Roskosmosyň ýaýlymynda aýdylýar.Dolandyrylýan «Soyuz MS-24» gämisi anna güni Baýkonur kosmodromyndan ugradyldy we HÄB-niň rus böleginiň modulyna goşuldy diýip, Roskosmosyň ýaýlymynda aýdylýar.
Çeşme: Roskosmos

Dolandyrylýan «Soyuz MS-24» gämisi anna güni Baýkonur kosmodromyndan ugradyldy we HÄB-niň rus böleginiň modulyna goşuldy diýip, Roskosmosyň ýaýlymynda aýdylýar.

Gämide bekede Ý.A. Gagarin adyndaky KTM-niň başlygynyň orunbasary - Roskosmos kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko, kosmonawt Nikolaý Çub, NASA astronawty Lorel O’Hara uçdylar.

0.jpg

O’Hara Ýere 2024-nji ýylyň ýazynda dolanar, Kononenko we Çubyň wezipesi bolsa, 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder. Ýyllyk ekspedisiýanyň çäginde Kononenko älemde 1 müň gije-gündizden köp wagt geçiren ilkinji adam bolar.

HÄB-de «Soýuz MS-24» ekipažyna «Roskosmos»-yň kosmonawtlary Sergeý Prokopýew, Dmitriý Petelin we Konstantin Borisow, NASA-nyň astronawtlary Fransisko Rubio we Žasmin Mogbeli, ESA astronawtlary Andreas Mogensen, JAXA astronawty Satosi Furukawa dagylar garaşýarlar.

Prokopýew we Petelin, Halkara älen bekediniň maksatnamasynyň çäginde Russiýa raýatlarynyň arasynda bir uçuşyň uzynlygy boýunça rekordsmen boldular diýip, döwlet korporasiýasynda gürrüň berdiler. NASA-nyň astronawty Frenk Rubio bolsa, amerikalylaryň arasynda şeýle uçuş boýunça rekordsmendyr.

«Rubio, älemde 355 gün üznüksiz bolmagyň älem uçuşy boýunça, 2022-nji ýylyň 30-njy martynda astronawt Mark Wande Heý tarapyndan goýlan NASA-nyň ýeke-täk rekordyny geçdi», — diýip NASA-da aýtdylar. kononenko2.jpg

Prokopýewiň, Peteliniň we Pubionyň barýan «Soýuz MS-24» älem gämisi bortda birleşende 69-njy ekspedisiýa tamamlanar we 70-nji başlar. «Soýuz MS-24» gämi ekipažynyň agzalary täze ekspedisiýa düzüminde bekediň bortynda uçuş ädimini üýtgetmegiň adaty tertibinde ekipaž-7-iň kosmonawtlaryna goşularlar.

«Soýuz MS-24» gämisiniň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenabatda doglan, Harkowyň N.E.Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutynyň «inžener-mehanik» hünärini 1988-nji ýylda tamamlan. Kosmonawt bolmazdan ozal ol inžener, KB SKB-Progress-de baş inžener-konstruktor bolup işledi.

59 ýaşly Kononenko HÄB-ne dört uçuş amala aşyrdt we MS-24 onuň bäşinji uçuşy bolar. Kosmonawt-weteranyň hasabynda açyk äleme dört çykyşy, şeýle hem häzirki wagtky kosmonawtlaryň we astronawtlaryň islendiginden köp bolan 736 gün älemde bolmagy bar.

2 (34).jpg

39 ýaşly Nikolaý Çub we 40 ýaşly Lorel O’Hara äleme birinji uçuşyny amala aşyrýarlar.

«Aslynda, häzirki wagtda dünýäde geosyýasy dartgynlyk beýik bolsa-da, Birleşen Ştatlar we Russiýa Federasiýasy HÄN boýunça hyzmatdaş ýurtlar hökmünde, öz älem gämilerinde birek-biregiň raýatlaryny ugratmagy dowam etjekdiklerini ylalaşdylar» diýip, Nasaspaceflight ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026