HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2 türkmen filmi Daşkentde geçiriljek film festiwalynyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar

Sentýabr 15, 2023 | 20:19 |10012
29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.
Çeşme: "Türkmenfilm" birleşigi

29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 4 filmi bu festiwalda görkeziler. Has takygy, Sahysalyh Baýramowyň we Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde “Daragt” we “Gyzyl alma” filmleri festiwalyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar. Şeýle hem, festiwalda Türkmen kinosynyň gününde kinorežissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” we Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” filmleri görkeziler.

650476c221c7d580123494.jpg

Forumyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň, türki döwletleriniň we GDA döwletleriniň kino festiwallary geçiriler. Onda özbek kinosynyň döredilmeginiň 115 ýyllygy mynasybetli milli çäreler, italýan kinosynyň lybas sergisi, daşary ýurtlaryň kino günleri, okuw maslahatlarydyr meşhur kinematografiýaçylaryň ussatlyk sapaklary guralar.

650476c780fdd353179532.jpg

Daşkent halkara film festiwalyna dünýä filmleriniň ýyldyzlary hem gatnaşar. Fransuz aktýory, “Taksi” filminde Emilýeniň keşbini janladyran Frederik Difental festiwalyň açylyşynda alyp baryjy bolup biler.

650478412a087231903928.jpg

Daşkent halkara filme festiwaly geçen asyryň 60-njy ýyllarynda geçirilip başlanyp, soň bes edilipdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Permany bilen ol täzeden dikeldildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026