Ilçi - TOPH we TOP sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açar


TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçirijisi diňe bir uzak möhletleýin Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebit hyzmatdaşlygy üçin hem täze mümkinçilikleri açar, diýip, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Feýsalabadyň Söwda-senagat palatasynyň (FCCI) prezidenti doktor Hurram Tarik bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Associated Press OF Pakistan habarlar gullugy aýdýar.
Uzynlygy 1830 km bolan gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaz bolup durýar we TOP Pakistanyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek eder diýip, ilçi belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň eýýäm Pakistana suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edip başlandygyny we şu wagta çenli 50 tankeriň eltilendigini aýtdy.
Hurram Tarik, Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýokary baha berdi we iki ýurduň hem ikitaraplaýyn söwda meselesine ünsi jemlemelidigini aýtdy. Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Feýsalabad, Pakistanyň Penjap welaýatynda ýerleşýän şol bir etrapdaky şäher we dolandyryş merkezidir. Ol Pakistanda Karaçi we Lahordan soň üçünji uly şäher bolup durýar.
ORIENT news








